Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat, Daşkent howa gatnawlaryny dikeltmekçi - metbugat


Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar diýip, türkmen metbugaty “Gazeta.uz” internet neşirine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bu ylalaşyga 22-nji awgustda, Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” sammitiniň çäklerinde gol çekipdir.

Bu ylalaşyk ýakyn geljekde göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy üçin mümkinçilik döredýär, diýip Ilhom Mahkamow aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG