Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen senagat, söwda-ykdysady, ulag hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ylalaşygyna geldi.
Türkmen metbugaty bu kararyň 22-nji awgustda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem-de Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşykda kabul edilendigini habar berýär.
Taraplaryň önümçilik we senagat kooperasiýasyny ösdürmek, dokma, himiýa, gurluşyk pudaklarynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyna gelendigi aýdylýar.
Mundan başga, olar işewürlik gatnaşyklary ýola goýmagyň, sergileri we işewürlik forumlaryny geçirmegiň, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, multimodal gatnawlary, howa gatnawlaryny we syýahatçylygy ösdürmegiň zerurlygyny tassyk etdiler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda ulag, awiasiýa we söwda ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.