Rus goşunlary Ukraina 104 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi

Bezeg suraty

Rus goşunlary 25-nji awgusta geçilýän gije Ukraina 104 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Howa güýçleriniň ýolbaşçylary habar berdi.

Deslapky maglumatlara görä, howa goragy güýçleri ir sagat 8: 00-a çenli ýurduň demirgazygynda we gündogarynda 76 sany pilotsyz uçary urup gaçyrdy. 28 pilotsyz uçaryň 15 ýere uran zarbasy, pilotsyz uçar galyndylaryň gaçan dört ýeri hasaba alyndy.

Zaporižiýa sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Iwan Fedorow Zaporižiýa sebitindäki Kuşugumskaýa jemgyýetine urlan zarba barada habar berdi. Jaýlara, elektrik liniýalaryna we gaz üpjünçilik desgalaryna zyýan ýetdi.

Onuň sözlerine görä, zarbalar düzedilýän howa bombalary arkaly uruldy. Pidalar baradaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylýar.