Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri prezident Wolodymyr Zelenskini Ukrainanyň 24-nji awgustda bellenilýän Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymy Zelenski özüniň X.com sosial ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özüni gutlan prezidentleriniň hemmesine, şol sanda türkmen prezidentine mähirli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
"Sizi we Ukrainanyň ähli halkyny milli baýramçylyk - Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp boolan dostluga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem halklarymyzyň bähbidine ösjekdigine ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size saglyk, maşgala bagtyny, jogapkärçilikli işiňizde üstünlik, Ukrainanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösmegi arzuw edýärin“ diýip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen gutlagynda aýdylýar.
"Hormatly Wladimir Aleksandrowiç! Men Sizi Ukrainanyň milli baýramy - Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu dabaraly günüň esasy ýörelgeleriniň ýurduňyzyň abadançylygynyň, özygtyýarlylygynyň we jebisliginiň sarsmaz binýady bolmagyny dowam etdirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin" diýip, gazak lideri ýazýar.
"Gazagystan bilen Ukrainanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan dostluk we özara düşünişmek ruhunda ösmegini dowam etdirmegine umyt baglaýaryn. Bu pursatdan peýdalanyp, jenap Prezident, jogapkärçilikli işiňizde üstünlik we bagt arzuw edýärin, Ukrainanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin" diýip, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew ýazdy. Onuň Zelenskä gutlag iberendigini Akorda hem habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň garaşsyzlyk güni mynasybetli Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, türkmen metbugaty 23-nji awgustda habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, prezident Wolodymyr Zelenskä saglyk, abadançylyk we döwlet işinde üstünlik arzuw etdi.
Ukraina 24-nji awgustda ýurt garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram etdi.
Forum